Hanym Federika Mogerini 2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherine gelip, Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow bilen duşuşdy we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda wekilhanasyny döretmek şertnamasyna gol çekdi. Mundan öň ÝB-ne Liaison Office (aragatnaşyk bölümi) tarapyndan wekilçilik edilýärdi. ÝB-niň wekilhanasynyň Türkmenistanda açylmagy bilen ol dünýäde 142-nji wekilhana boldy.

In Focus

  • Image
    Federica Mogherini at the signing

    Federica Mogherini

Biz näme edýäris

Wekilhana esasanam

  • Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda wekilçiligini üpjün edýär.
  • 1998-nji ýyldaky Bütindünýä söwda şertnamasyna laýyklykda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklaýar we ösdürýär, esasanam hökümet we beýleki karar berýän işewürler, alymlar, metbugat we raýat jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar, demokratiýany, gowy dolandyrylyşy we adam hukuklaryna hormat goýýar, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýeňilleşdirýär.
  • ÝB-ne agza ýurtlaryň ilçihanalarynyň işini utgaşdyrýar we goldaýar.
  • ÝB syýasaty bilen baglanyşykly ähli meseleler boýunça baş edaralara hasabat berýär.
  • ÝB Türkmenistanda we Merkezi Aziýada alyp barýan syýasatlaryna habardarlygy we düşünmegi ýokarlandyrmak ugrunda işleýär.
  • Metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy bilen meşgullanýar we ýokardaky agzalan maksatlara ýetmek üçin adamlar bilen aragatnaşyk saklaýar.

Türkmenistan boýunça ösüş hyzmatdaşlygy maksatnamalary ÝB-niň Brýusseldäki edara binasy ýa-da ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Ilçi

Jenap Diego Ruiz Alonso Ilçi, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy