Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar

Hyzmatdaşlyk şertnamasy Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanmazdan ozal 2010-njy ýylda güýje giren Wagtlaýyn söwda şertnamasy we söwda bilen baglanyşykly meseleler esasynda alnyp barylýar.

Syýasy gatnaşyklar

ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi tarapyndan 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul edilen Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýanyň çäginde ösýär. Ýokary wekil hem-de Ýewropa Komissiýasy tarapyndan “ÝB we Merkezi Aziýa: Güýçli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri” atly bilelikdäki aragatnaşyk bilen birlikde bu täze Strategiýa ýakyn ýyllarda ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşygy üçin täze syýasat binýadyny üpjün edýär. Merkezi Aziýada durnuklylygy, abadançylygy we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Bu bolsa öz gezeginde soňky ýyllarda sebitde ösen täze dinamikany, sebit hyzmatdaşlygynyň täze güýjüni we Ýewropa bilen Aziýany sebitde birleşdirmegi maksat edinýän başlangyçlaryň çalt ösmegini görkezýär.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar

Hyzmatdaşlyk şertnamasy Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanmazdan ozal 2010-njy ýylda güýje giren Wagtlaýyn söwda şertnamasy we söwda bilen baglanyşykly meseleler esasynda alnyp barylýar.

Bu Ylalaşygyň çäginde ÝB we Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn bilelikdäki komitetiň ýyllyk ýygnaklaryny geçirýärler. Maslahatlaşylýan ugurlaryň içine: (i) söwda we ykdysadyýet; (ii) ÝB-Merkezi Aziýa strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi; (iii) syýasy we ykdysady ösüşler; (iv) ÝB ösüş hyzmatdaşlygy maksatnamalarynyň esasy taraplary ýaly birnäçe meseleler girýär. Bilelikdäki komitetiň 21-nji ýygnagy 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda guraldy.

Ýewropa Parlamenti bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklar Mejlisara ýygnaklaryň mehanizmi arkaly amala aşyrylýar.

Soňky ÝB-Türkmenistan Mejlisaraara ýygnagy 2023-njy ýylyň 19-21 iýunda Aşgabatda geçirildi.

COVID-19-a garşy göreşmek boýunça Ýewropa Bileleşiginiň ýardamy

ÝB we oňa agza döwletler Merkezi Aziýa üçin 123 million ýewro gönükdirdi. ÝB 2020-nji ýylyň iýulynda Gazagystana we Türkmenistana gönükdirilen 3 million ýewrolyk Merkezi Aziýa COVID-19 Krizise garşy raýdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän bu maksatnama pandemiýanyň häzirki ýaýramagyny azaltmak we milli saglyk ulgamlarynyň uzak möhletleýin durnuklylygyna goşant goşmak üçin goldaw berýär.

Söwda we ykdysady gatnaşyklar

ÝB bilen Türkmenistanyň Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek Ähtnamasy (2008) energiýa syýasaty, üstaşyr ýollaryň diwersifikasiýasy we täzelenýän çeşmeler hem-de energiýa netijeliligi barada maglumat alyş-çalşyny ýeňilleşdirýär.Bu Ähtnamanyň çägindäki soňky duşuşyk 2019-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Merkezi Aziýa/Türkmenistan bilen söwda boýunça has giňişleýin maglumat.

Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygy barada has giňişleýin maglumat.

 

Ösüş we hyzmatdaşlyk

ÝB-niň Ösüş hyzmatdaşlygy guraly (DCI) ýurtdaky ösüşi üpjün edýär. Bu nukdaýnazardan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk taslamalary ykdysady özgertmelere, hususylaşdyrmaga, bilime, mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga, netijeli dolandyryşa we kanunyň hökmürowanlygyna hem-de durnukly energiýa gönükdirilýär.

ÝB 2011-2013-nji ýyllar aralygynda bilim,  hukuk özgertmelerine, adam hukuklaryny öňe sürmäge we durnukly ösüş üçin ykdysady hem-de sosial pudak reformalaryna umumy bahasy takmynan 39 million ýewra barabar bolan kömek pulyny gönükdirdi.

ÝB-niň 2014-2020-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn kömegi bilime we hünär okuwyna gönükdirilendir (2014-2017-nji ýyllar üçin 37 million ýewro). ÝB we Türkmenistan Merkezi Aziýa respublikalarynyň hemmesini öz içine alýan sebitleýin çemeleşmäniň çäginde hyzmatdaşlyk edýär. Sebitleýin hyzmatdaşlyk taslamalary bilim, kanunyň hökmürowanlygy, suw we daşky gurşaw, serhet dolandyrlyşy, neşe serişdeleriniň bikanun satylyşyna garşy göreş, hususy pudagyň ösüşi, maýa goýumlaryna goldaw, Merkezi Aziýada bäsdeşlik, söwda we beýleki ugurlardan ybaratdyr.

Adam hukuklary

ÝB-niň Türkmenistan üçin adam hukuklary syýasaty aşakdaky ileri tutulýan ugurlardan ybaratdyr:

  • Adam hukuklaryny durmuşa geçirmek: adam hukuklary kanunlaryny we konwensiýalaryny durmuşa geçirmek üçin jemgyýetçilik hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak.
  • Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler tarapyndan maliýeleşdirilýän birnäçe taslamanyň durmuşa geçirilmegi esasanam: (a) Türkmenistanyň Döwlet gullukçylary akademiýasynyň we degişli döwlet edaralarynyň, şol sanda Adam hukuklary institutynyň okuw mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak; (b) Türkmenistanyň kazylary we aklawçylary üçin adam hukuklary konwensiýalary boýunça okuw; c) kanunyň hökmürowanlygy ýaly ugurlar bu maksada ýetmäge ýardam eder,
  • Kazyýet we türme reformasy: kazyýet we türme ulgamlarynyň reformalaryny, şeýle hem türmelere bolan ygtyýary goldamak.

Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler tarapyndan maliýeleşdirilýän anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, esasanam Ombudsmeniň tussaglaryň ýagdaýyna seretmekdäki orny bu maksada ýetmäge ýardam berer.

  • Birleşmek we söz azatlygy: raýat jemgyýetini we adam hukuklaryny goraýjylary goldamak. Raýat jemgyýeti guramalarynyň işlemegi üçin has amatly gurşawyň döredilmegi Türkmenistanyň 2016-2020-nji ýyllar üçin Adam hukuklary boýunça milli hereket meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.

YB-Türkmenistan adam hukuklary gepleşikleri

Adam hukuklary ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm tarapy. 2008-nji ýylda adam hukuklary boýunça ikitaraplaýyn gepleşikler başlaly bäri, ÝB her ýyl türkmen häkimiýetleri bilen şeýle ýygnaklary geçirýär, bu adam hukuklary we demokratiýa bilen baglanyşykly birnäçe meselede, şol sanda: türme şertlerinde konstruktiw we açyk pikir alyşmaga mümkinçilik berýär; gynamalar we zor bilen ýitirim bolmak; kazyýet özgertmeleri we kanunyň hökmürowanlygy; birleşmek, pikir we ynanç azatlygy; we garaşsyz Ombudspersonyň edarasynyň roly.

ÝB-niň adam hukuklary boýunça wekili

R. Vrubel
Syýasy geňeşçi
Ahli soraglar üçin emeýla ýazyň: delegation-turkmenistan@eeas.europa.eu
Habarlaşmak üçin telefon: +993 12 344677