BOMKA-10 maksatnamasy Merkezi Aziýada fitosanitar we weterinariýa gözegçiliginiň tertiplerini berkidýär

10.04.2025

1-3 aralygynda Aşgabat şäherinde, Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA-10) fitosanitar we weterinariýa import gözegçiligi üçin standart iş tertiplerini işläp düzmek boýunça tehniki kömek sessiýasyny gurnady. Bu çärede Türkmenistanda importa gözegçilik çärelerini işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça jogapkär fitosanitar we weterinar edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. 

Bu okuw çäresi, harytlaryň we ýükleriň serhetlerden kanuny hereketini ýeňilleşdirmegiň esasy bölegi bolup durýan, iş proseslerini döwrebaplaşdyrmaga, fitosanitar we weterinariýa gözegçiliginde häzirki zaman usullaryň we gurallaryň ornaşdyrylmagyna bagyşlandy. Ýewropa Birleşiginiň bilermenleri milli hünarmenleri bilen hyzmatdaşlykda, harytlaryň barlagynda iş ýüzünde ulanyljak umumy standart iş tertiplerlerini (SOP) işläp düzmek boýunça işlediler. Şeýle hem bu gurallar başlangyç okuwlary gurnamakda hem ulanyp bilerler.

Okuw çäresiniň netijesinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna girýän harytlarynyň gözegçilik tertipleriniň yzygiderligini we netijeliligini ýokarlanmagyna garaşylýar, şeýle hem fitosanitar we weterinariýa gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň, degişli kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün edip we ilatyň saglygyny goramak bilen, import we eksport amallaryny netijeli ýerine ýitermekliginiň ukyby berkidiler.   

Okuw sapagy “Serhetaşa kanuny söwda akymlaryna goldaw bermek” atly 3-nji bölüminiň çäginde gurnaldy we sebitleýin ykdysady integrasiýa prosesine mundan beýläk-de goldaw bermegine gönükdirilen.