Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti gender deňligi boýunça ilkinji talyp çekeleşikli ýaryşy geçirdiDebate Tournament on Gender Equality
![Student Debate Tournament on Gender Equality](/sites/default/files/styles/hero_inside_content2/public/media/2023/G%26P-238.jpg?itok=4uFYZpEo)
2023-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti gender deňligi temasynda talyplaryň arasynda çekeleşikli ýaryş geçirdi. Ýaryşa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwesitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
![Student Debate Tournament on Gender Equality](/sites/default/files/styles/full_content_width/public/media/2023/G%26P-35.jpg?itok=RNTIfBwu)
Ýaryş iki ýarym finaldan we finaldan ybarat boldy. Türkmenistanyň dört uniwersitetiniň talyplary öz aralarynda birinji ýer üçün bäsleşdiler. Bu çärä ilçihanalaryň wekilleri, hususy pudagyň wekilleri, talyplar we mugallymlar gatnaşdylar.
![Student Debate Tournament on Gender Equality](/sites/default/files/styles/full_content_width/public/media/2023/G%26P-32.jpg?itok=5gdIDBTE)
Renata Wrobel, wagtlaýyn ynanylan wekili, öz çykyşynda: “Ýewropa Bileleşigi elmydama iň oňat tejribe bermegi we Türkmenistanyň ösüş maksatlaryny goldamagy maksat edinýär we netijeli hyzmatdaşlygy dostlukly we özara peýdaly ýagdaýda dowam etdirmegi maksat edinýär. Türkmen uniwersitetleriniň ýaşlary we talyplary bilen işleşip, Ýewropanyň gymmatlyklaryny wagyz etmegi, geljekki hünärmenler hökmünde siziň bilen hyzmatdaşlygymyzy we ýurduň akademiki toparlaryny goldamagy maksat edinýäris.” diýip belledi.
![Student Debate Tournament on Gender Equality](/sites/default/files/styles/full_content_width/public/media/2023/G%26P-200.jpg?itok=kd5QajZ2)
Talyp çekeleşikli ýaryşy ilkinji gezek türkmen dilinde geçirildi we Halkara zenanlar güni mynasybetli boldy.
Ýaryşyň netijelerine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary ýeňiş gazanmagy başardy.
![Student Debate Tournament on Gender Equality](/sites/default/files/styles/full_content_width/public/media/2023/G%26P-256.jpg?itok=RIzXxMwj)
ÝB-niň wekiliýeti Türkmenistanyň ýaşlarynyň ösmegi üçin amatly gurşaw döretmäge we ilatyň bütin dünýäde gender deňliginiň ýiti meseledigi barada habardarlygyny ýokarlandyrmaga çalyşýar.