Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana wekiliýeti maýyplygy bar bolan çagalara täze okuw ýylynyň başynda goldaw berýär

2023-nji ýylyň 11-nji awgustyndaBack to Schoolkampaniýasynyň çäginde Ewropa Bileleşiginiň Türkmenistana wekiliýeti Türkmenistandaky Maýyplara goldaw merkezi bilen bilelikde mekdep ýaşyndaky maýyp çagalary bolan maşgalalary goldamak üçin çäre geçirdi. EB wekiliýeti okuwçylara okuwda peýdaly boljak 30 sany okuw komplektini gowşurdy.

Bu çärä Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi we wekiliýetiniň başlygy jenap Diego Ruiz Alonso gatnaşdy, we täze okuw ýyly başlamazdan öň çagalara okuw sumkalary we esbaplary sowgat etdi, şeýle hem çagalara we olaryň ene-atalaryna gowy arzuwlar bilen ýüzlendi.