European Union External Action

EEAS çagyryşlaryna b äsleşikler üçin nädip arza bermeli?

28/02/2017 - 08:33
Overview

Gyzyklanma bildirýän bäsleşigiňiz barmy? EEAS çagyryşyna bäsleşikler üçin arza bermegiň usulyna serediň.

Pes we orta bahaly bäsleşikler

Eger pes we orta bahaly bäsleşikleriň birine gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, öz gyzyklanmaňyzy beýan etmek üçin, öz salgylaryňyzy ibermeli:

  • resmi biznes adyňyzy,
  • poçta salgyňyzy,
  • habarlaşmak üçin resmileşdirilen adamyň ady,
  • e-poçta salgyňyzy

kontakt e-poçta salgysyna (her bäsleşik üçin görkezilýär) iberiň. E-poçtaňyzyň "mowzuk" setirinde gyzyklanma bildirýän bäsleşigiňiziň adyny ýa-da mowzugyny ýazyň.

Gyzyklanma beýan etmegiň ahyrky möhleti dolansoň, siz ykdysady iş subýektleriniň sanawyna goşularsyňyz we size bäsleşige çakylyk hem-de teklip bermegiň usuly barada maglumat iberiler.

Ýokary bahaly bäsleşikler

Ýokary bahaly bäsleşikleriň birine gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, Ýewropa Bileleşiginiň Resmi žurnalyny yzarlaň, şol ýerde şertnama hakda bildiriş neşir ediler. Bäsleşik yglan edilende, bäsleşige gatnaşmak üçin arza bermegiň usuly şertnama bildirişinde neşir ediler. 

Şu ýerde aşakda takmynan şertnama bahalaryna baglylykda, şertnamalaryň kategoriýalary barada käbir möhüm maglumatlary taparsyňyz.

Ýewropanyň daşarky aragatnaşyklar gullugy (EEAS), şol sanda ÝB-niň wekiliýetleri ÝB-niň umumy býujetine degişli Maliýe düzgünnamalynyň düzgünlerine, onuň Ulanyş düzgünleri we döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek üçin şertnamalary baglaşmagyň usullary baradaky ÝB direktiwalaryna tabyndyr.

Harytlary, hyzmatlary we işleri satyn almak baradaky, 1 000 Ýewrodan gymmat şertnamalar bäsleşik geçirmek arkaly baglaşylmaga degişlidir. Takmynan şertnama bahasyna baglylykda, şu aşakdaky şertnama kategoriýalary bardyr:

  • Örän pes bahaly şertnamalar: işler, hyzmatlar we haryt üpjünçiligi baradaky, bahasy 1 000 Ýewro bilen 15 000 Ýewro aralygyndaky şertnamalar;
  • Pes bahaly şertnamalar: işler, hyzmatlar we haryt üpjünçiligi baradaky, bahasy 15 000 Ýewro bilen 60 000 Ýewro aralygyndaky şertnamalar;
  • Orta bahaly şertnamalar: işler, hyzmatlar we haryt üpjünçiligi baradaky, bahasy 60 000 Ýewrodan ýokary, ýöne hyzmatlar we haryt üpjünçiligi baradaky 144 000 Ýewrodan pes ýa-da işleri ýerine ýetirmek baradaky 5 548 000 Ýewrodan pes şertnamalar;
  • Ýokary bahaly şertnamalar: 144 000 Ýewrodan ýokary başlaýan hyzmat we haryt üpjünçiligi baradaky şertnamalar we 5 548 000 Ýewrodan ýokary başlaýan işleri ýerine ýetirmek baradaky şertnamalar.

Pes we orta bahaly bäsleşige çagyryşlar EEAS ýa-da ÝB wekiliýetleri websaýtlarynda "Bäsleşikler" bölüminde öňünden görkezilýär. Üns beriň: Diňe EEAS ýa-da ÝB wekiliýeti tarapyndan bäsleşige gönümel çagyrylan (bäsleşige çakylygy e-poçta, poçta ýa-da kurýer arkaly alan) ykdysady iş subýektlerinden alnan tekliplere baha berler.

Ýokary bahaly bäsleşige çagyryşlar Ýewropa Bileleşiginiň Resmi žurnalynda neşir edilmelidir. Bäsleşik yglan edilende, bäsleşige gatnaşmak üçin arza bermegiň usuly şertnama bildirişinde neşir ediler.

Editorial Sections: