Merkezi Aziýada “Global Gateway” başlangyçy: komissar Sikelanyň missiýasy bilelikdäki ösüş taslamalaryna ünsini jemlär

12-18-nji mart aralygynda Halkara hyzmatdaşlyklar boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela ÝB-Merkezi Aziýa sammitiniň öňüsyrasynda ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem iş ýerleriniň döredilmegine we durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen ÝB-niň maýa goýum strategiýasy - “Global Gateway” başlangyçyny artdyrmak üçin Merkezi Aziýa sebitiniň bäş sany döwletine sapar bilen barar.  

Komissar Sikela

“Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşiginiň möhüm hyzmatdaşydyr we biziň hyzmatdaşlygymyz geljek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki ählumumy synaglar öňküsinden hem has güýçli berk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ähmiýeti görkezýär we men olary saparymyň dowamynda pugtalandyrmaga maksat edinýärin. Meniň maksadym – ýokary hilli iş ýerlerini döretmek, bilimden başlap döwrebap infrastruktura çenli esasy hyzmatlary gowlamak we işewürlik üçin täze mümkinçilikleri açmak ugrunda ÝB we Merkezi Aziýadan hyzmatdaşlaryň bilelikde öňe sürýän “Global Gateway” başlangyçynyň esasy taslamalarynda ünsüni jemlemek.” – diýip, belledi. 

Komissar Sikelanyň sapary “Global Gateway” başlangyçynyň Merkezi Aziýada esasy ileri tutulýan ugurlarynda ünsüni jemlär: 

  • ýola sarp edilýän wagty tygşytlamak we söwdany höweslendirmek üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösüşine aýratyn üns berip, ulag pudagy;

  • öňdebaryjy usullara, täze iş ýerleriniň döredilmegine we ykdysady durnuklylygyň artdyrylmagyna üns berip, möhüm çig mallar pudagy;

  • sanly aratapawudy azaltmaga we howpsuz ýokary tizlikli internet aragatnaşygyny gowulandyrmaga gönükdirilen sanly aragatnaşyk pudagy; 

  • ygtybarly, gymmat bolmadyk we arassa energiýanyň elýeterliligine ýardam bermek üçin durnukly infrastrukturanyň gurluşygyna goldaw bermek boýunça öňdebaryjy taslamany öz içine alyp, suw baýlyklarynyň, energetikanyň we howa pudaklary.

Saparynyň dowamynda, komissar ýokarda görkezilen dört sany esasy ileri tutulýan pudaklar bilen bagly birnäçe şertnamalara gol çeker. 

Komissar saparyny Türkmenistanda başlar, we ol ýerde hökümetiň ýolbaşçylary, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri bilen duşuşyk geçirer. Komissar şeýle-de Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösüşi üçin wajyp strategiki nokat bolan Türkmenbaşy portyna barar. 

Gazagystanda komissar hökümetiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşar, ulag we çig mallaryň möhüm görnüşleri pudaklarynda ikitaraplaýyn we sebitleýin ylalaşyklaryň gol çekiliş dabarasyna, metbugat-maslahatlaryna gatnaşar, şeýle hem Gazagystanda we ÝB-de işewürligiň wekilleri bilen duşuşar. 

Täjigistanda komissar ýurduň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirer. Soňra bolsa ýaşyl energetiki geçişe we pagtanyň ýerli gymmat emele getiriş zynjyrynyň ösüşine goldaw bermäge gönükdirilen ýokary ähmiýetli taslamalaryň gol çekiliş dabarasy geçiriler. Indiki gün bolsa, komissar mundan beýläk goldaw bermek mümkinçiliklerine seretmek üçin möhüm desga bolan Rogun gidroelektrik stansiýasyna barar. 

Gyrgyzystanda komissar hökümetiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşar we suw baýlyklary, energetika, ulag we adam ösüşi ugurlarynda taslamalara gol çekiliş dabaralaryna gatnaşar. Ol şeýle hem, ýurda Bütindünýa banky, Aziýanyň ösüş banky we Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky tarapyndan maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşar. Kambartin GES-1 gurluşygyna mümkin bolan goldawy bermek – mowzuklaryň biri bolar. Mundan başga-da, komissar ýaşlaryň we BMG-niň wekilleri duşuşar. 

Komissar saparyny Özbegistanda jemlär we ol ýerde hökümetiň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer. Ol Almalyk dag-magdan kombinadyna barar, şeýle hem özbek we ýewropa telekeçileri bilen gepleşikleri geçirer. Indiki gün ol sanly aragatnaşyk pudagynda sebitleýin taslamalara gol çekiliş dabarasyna gatnaşar. 

 

Sapar “Team Europe” ruhynda geçiriler: missiýanyň dürli tapgyrlarynda ÝB-niň maliýe edaralary, Ýewropa maýa goýum banky, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky, şeýle hem ÝB-niň hususy pudagy we sebitde hereket edýän ÝB-niň agza-döwletleri gatnaşar. Aprel aýynyň başynda taryhda ilkinji gezek geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa sammiti, şeýle hem iýun aýynda geçiriljek “Global Gateway” Forumy ÝB bilen Merkezi Aziýanyň uzak möhletli netijelere bolan ygrarlylygyny has-da pugtalandyrar. 

Umumy maglumat

 “Global Gateway” – bu dünýä maýa goýum aratapawudyny kemeltmäge we sanly, energetika we ulag pudaklarynda akylly, arassa we howpsuz aragatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlaglar ulgamlaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ÝB-niň hoşniýetli başlangyçydyr. 

 “Global Gateway” strategiýasy, Ýewropa Bileleşigini, ÝB-niň agza-döwletlerini we ýewropa ösüş maliýe institutlaryny birleşdirýän “Team Europe” çemeleşmesini durmuşa geçirýär. Bilelikde biz,  garşylylyklary däl-de möhüm aragatnaşyklary döredip we ählumumy maýa goýum aratapawudyny kemeldip, 2021-2027-nji ýyl döwür aralygynda 300 mlrd ýewro möçberinde döwlet we hususy maýa goýumlaryny çekmek maksat edinýäris.