Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada Sanly Arabaglanyşyk boýunça “Team Europe” (TEI) başlangyjynyň syýasy açylyş dabarasyny geçirdi
Merkezi Aziýada Sanly Arabaglanyşyk boýunça “Team Europe” başlangyjy Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky “Global Gateway” maksatnamasynyň esasy taslamalarynyň biridir. Bu başlangyç sebitde sanly arabaglanyşygy we sanly ykdysadyýeti ösdürmegi maksat edinýär. Ol ýokary geçirijilik ukybyna eýe internet ulgamlaryny döretmek, hem-de emeli hemralar toplumyna maýa goýumlaryny goldamak we ýerüsti infrastrukturalary ösdürmek arkaly sebitdäki arabaglanyşyk boşlugyny aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, bu başlangyç sanly bölünişikleri azaltmak hem-de giň ykdysadyýete, aýratyn-da uzakdaky we jemgyýetden üzňe ýaşaýan ilatlar üçin oňyn täsirleri döretmek maksadyny göz öňünde tutýar.
“Global Gateway” başlangyjy we Merkezi Aziýada Sanly Arabaglanyşyk boýunça “Team Europe” başlangyjy täze bir döwrüň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu başlangyçlaryň üsti bilen Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýanyň uzakdaky sebitlerini we obalaryny emeli hemra arabaglanyşyklary arkaly internete birikdirýär. Şu günki çäre durnukly arabaglanyşygy ösdürmekde we ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljek ýyllarda has-da çuňlaşdyrmakda möhüm bir tapgyry aňladýar. Şeýle hem bu başlangyç sanly bölünişigi azaltmaga, sanly infrastrukturany berkitmäge we Merkezi Aziýanyň çäginde adamlara hem-de telekeçilere täze mümkinçilikleri açmaga bolan ygrarlylygymyzy görkezýär” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky ilçisi hanym Aleska Şimkiç aýtdy.
Bu çarçuwanyň çäginde we Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” strategiýasyna laýyklykda, biri-birini doldurýan iki çäre işlenip düzüldi:
- “Soft Pillar”:
Ýewropa hyzmatdaşlyk agentlikleriniň konsorsiumy tarapyndan, “Expertise France” tarapyndan utgaşdyrylyp amala aşyrylýan C4CA taslamasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynda howpsuz we hemme üçin elýeterli emeli hemra arabaglanyşygyna giriş mümkinçiligini we ony ulanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär. Bu taslama, aýratyn-da aýallar, ýaşlar we jemgyýetden üzňe toparlar üçin sanly mümkinçilikleri açmak arkaly sanly ugurda ýöredilýän durmuş-ykdysady integrasiýany goldamaga gönükdirilendir.
- “Hard Pillar”:
“Merkezi Aziýanyň hyzmatdan mahrum ilat toparlary üçin emeli hemra arabaglanyşygy” atly taslama Ýewropa Maýa Goýum Banky tarapyndan utgaşdyrylýar we SES kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Taslamanyň maksady — uzakda we hyzmatdan çetde galan jemgyýetler üçin ýokary tizlikli internete giriş üçin zerur infrastruktura üpjün edip, olara bilim, saglygy goraýyş we ykdysady ösüş ýaly ugurlarda günsaýyn ähmiýeti artýan sanly mümkinçiliklerden peýdalanmaga şert döretmekdir. SES kompaniýasy sebitiň çäginde arabaglanyşygy giňeltmek maksady bilen emeli hemralar toplumyna we ýerüsti infrastrukturalaryň ornaşdyrylmagyna degişli maýa goýumlaryny amala aşyrar.
“Arabaglanyşyk, sanly, infrastruktura ýa-da ykdysady, häzirki döwrüň dünýä derejesindäki esasy meseleleriniň merkezinde durýar. Ol söwdanyň, adamlaryň we pikirleriň aýlanyşynyň, şeýle hem sebitara integrasiýanyň möhüm hereketlendirijisidir. Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarymyz bilen el-ele berip, Ýewropa Maýa Goýum Banky tarapyndan alnyp barylýan infrastruktura maýa goýumlaryny dolduryp, “Expertise France” ýolbaşçylygyndaky konsorsium sebitiň çäginde sanly hyzmatlara we innowasiýalara deň hukukly girişi üpjün etmek üçin zerur syýasatlary, başarnyklary we tehnologiýalary ösdürmäge ýardam berer” diýip, Fransiýanyň Gazagystandaky ilçisi jenap Silwen Giog (Sylvain Guiaugue) aýtdy.
Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geljekki ýyllar üçin sanly strategiýalarynda möhüm bir tapgyry aňladýar. Bitarap taraplaryň hemmesi taslama bilen gyzyklanma bildirip, işjeň gatnaşdy. TEI — ÝB bilen Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlyk etmek isleginiň esasy gazananlaryndan biridir.
Goşmaça maglumat:
Global Gateway — bu Ýewropa Bileleşiginiň sanly, energiýa we transport ulgamlarynda akylly, arassa we howpsuz arabaglanyşyklary ösdürmek, şeýle hem saglyk, bilim we ylmy gözleg ulgamlaryny berkidmek boýunça strategiýasydyr. Global Gateway Birleşen Milletler Guramasynyň 2030 ýyl üçin meýilnamasy we onuň durnukly ösüş maksatlary bilen, şeýle hem Pariž ylalaşygy bilen doly utgaşýar. Strategiýanyň maksady — 300 milliard ýewro çenli maýa goýumlaryny mobilizirlemekdir.